Ak altynly harmanlar

Pagta ýygymyna işjeň gatnaşýan lebaply daýhanlar, oba-hojalyk işgärleri ýurdumyzyň “Ak altyn harmanlaryna” öz goşandyny goşmak üçin her bir günini ýokary iş netijelerine besleýärler. Welaýatymyzyň ähli etraplarynda, daýhan birleşiklerinde kärendeçileriň yhlasly zähmeti esasynda ýetişdirilen pagta hasyly zaýasyz ýygnalmagyny dowam edýär. Türkmenistanda ekilýän sebitine görä, aýratynlygyna garap pagtaçylyk inçe süýümli, orta süýümli sortlara bölünýär. Inçe süýümli we orta süýümli gowaçalar dürli hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmenistanyň oba hojalygynyň esasy pudagy pagtaçylyk bolup ol harytlyk önümiň 70%-ne çenlisini tutýar. Bu pudagy ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biride suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakdyr. Pagtaçylyga ýöriteleşmek esasan harytlyk önümiň düzümi bilen, pudaklaryň utgaşmagy bilen, jemi öndürilen önümiň düzümi bilen häsiýetlendirilýär. Türkmenistanda pagtaçylykda Mary welaýaty esasan inçe süýümli pagta ösdürip ýetişdirmäge, Daşoguz we Lebap welaýatlary bolsa orta süýümli pagta ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşendir. Pudagy ösdürmek ylmy usullaryň ýene biri hem ekin dolanyşygyny guramakdyr. Gowaça-ýorunja ekin dolanyşygynyň talaba laýyk guralmagy pagta hasylynyň ýokary bolmagyna getirýär. Ýorunja ekilen meýdanda azodyň möçberi 20 % çenli köpelýär.

Häzirki wagtda lebaply daýhanlar gije-gündiz pagta hasylynyň her bir gozasyny isripsiz ýygnamak üçin jan aýaman zähmet çekýärler. Pagta hasylyny ýokarlandyrmak üçin; ekişiň öň ýanyndaky işleri dogry guramagy, ýerleri bejermegi, dökünlemegi, ýuwuş suwuny tutmagy, hatarara bejergi geçirmegi, ýekelewi, haşal otlardan arassalamagy talaba laýyk gurnamaly.

Dünýä BATYROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok