Ýorunja ýurdumyzda oba hojalygynda aýratyn üns berilýän ekinleriň biri bolup, ekin çalyşygynyň bir bölegi hökmünde, mallar üçin iýmit çeşmesi we hatda medisina üçin ulanylýar. Agrotehniki talaplara laýyklykda, häzirki wagtda ýorunja ösdürip ýetişdirmekde iň soňky oba hojalyk tehnikalary ulanylýar. Ýorunja bir gezek ekilende, 3-4 ýylyň dowamynda hasyl bermäge ukyplydyr.
Meýdanlaryň ünsli we dogry tekizlenmegi, ýorunjanyň kadaly we gür gögermeginiň möhüm şertidir. Bu iş melioratiw ulgamynyň esasy bölegini emele getirýär. Ýerler gowy tekizlenende, suwaryşda ýuwaş yzgar suwy we ösüş suwy ýokary hilli saklanyp, ekilen ýorunjanyň birmeňzeş gögermegine oňaýly şertler döredilýär. Suwy saklamak bilen topragyň degişli derejede yzgarlanmagy gazanylýar, bu bolsa atyzlaryň göwrümini netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle ýagdaýlar, ot ýatyryjy tehnikalaryň ulanylmagy üçin has amatly şertleri üpjün edýär.
Meýdanlary dogry tekizlemek üçin, ýer sürülmezden ozal, ilki uzyn bazaly tekizleýji bilen meýdany uzynlygyna we keselegine tekizlemek, soňra sürümden soň ýüze gelen keşleri we gerişleri düzlemek maksady bilen meýdany ýene bir gezek keseligine tekizlemek zerurdyr. Topragyň şorlylyk derejesine baglylykda, ýuwuş suwlarynyň mukdary öňden suwarylyp gelinýän ýerlerde her gektara 2000-3000 kubmetr, täze özleşdirilýän ýerlerde bolsa bu mukdar çäkde üýtgäp biler.
Ekiş suwy bolsa ähli ýerlerde hökmany tutulmalydyr. Gyşda tutulýan ýuwuş suwlary ýerleri gowy şorsuzlandyrýar. Eger ekiş wagtynda ýerlerde kadaly yzgarlyk saklansa, ekiş suwuny tutmazdan hem ýorunja ekmek mümkindir. Gögeriş alan meýdanlara her gektara takmynan 1500 kubmetr möçberinde ekiş suwuny tutmak zerurdyr.
Ýorunjany ekmekde berilýän dökünler hem uly ähmiýete eýedir. Esasy sürümden öň dökülýän dökünleriň 2-3 ýyllyk mukdary 150-170 kilogram fosfor we 50-100 kilogram kaliý dökünini öz içine alýar. Ýorunjanyň ösüşiniň 2-nji we 3-nji ýyllarynda, ýaz paslynda, boronlama ýa-da disklamadan ozal, her gektara 60-70 kilogram fosforly we 40-50 kilogram kaliýli dökün goşulmalydyr. Bu dökünler RPG-4-2A dökün ekijileri, TRMG-4 we RUM-3 dökün pytradyjy enjamlar bilen dökülýär.
Ýorunjanyň gowy gögermegi, çalt we güýçli ösmegi hem-de ýokary hasyl bermegi üçin toprakda amatly ýylylyk we iýmitlenme şertlerini döretmek, şeýle hem haşal otlary ýok etmek hökmanydyr.
Güller Garýagdyýewa,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler