Türkmen talyplarynyň halkara olimpiadadaky üstünlikleri

Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça IV Halkara olimpiada geçirildi. Bu abraýly çärä 36 ýurtdan 600-e golaý ýaşlar gatnaşdy. Olar bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-da işjeň gatnaşyp, uly üstünlik gazandylar.

Baýrakly orunlara mynasyp bolan daşary ýurtly 56 talybyň hatarynda türkmenistanly ýaşlaryň ykdysadyýet, maglumat howpsuzlygy, hukuk we halkara gatnaşyklar ýaly ugurlarda ýokary netijeleri gazanandyklary buýsançlydyr. Mysal üçin, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Jennet Berdiýewa ykdysadyýet ugry boýunça birinji orny eýeledi. Şeýle-de, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Nurmuhammet Täjimyradow maglumat howpsuzlygy, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Aýsenem Nuryýewa we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 3-nji ýyl talyby Arslan Şaimow halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça ikinji orunlara mynasyp boldular.

Olimpiadanyň jemleýji tapgyrynyň dowamynda mekdep okuwçylary we talyplar meýilnama laýyklykda dürli çärelere, umumy sapaklara, interaktiw seminarlara, wiktorinalara, rus halk oýunlarynyň festiwalyna, «Sibir halklarynyň medeniýeti we däp-dessurlary» atly serginiň açylyşyna hem-de sport ýaryşlaryna gatnaşdylar.

Maliýe howpsuzlygy boýunça Halkara olimpiada 2021-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti we Hökümetiniň howandarlygynda geçirilip gelýär. Bu halkara platforma ýaş hünärmenleri maliýe howpsuzlygy ugurlarynda taýýarlamak we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm ähmiýete eýedir.

Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
ekologiýa hünäriniň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok