Golaýda, paýtagtymyzda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Aşgabat şäherindäki «Laçyn» seýilgähinde bina edilen heýkeliň umumy beýikligi 7 metrden gowrak bolup, heýkeltaraş gazak şahyrynyň keşbini ussatlyk bilen şekillendiripdir. Onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Gazak şahyry, aň-bilim ýaýradyjysy, jemgyýetçilik işgäri, gazaklaryň belli syýasatçylary Çokan Welihanowyň, Ibraý Altynsarynyň pikirlerini ösdüriji Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä inýär. Ol Gazagystanyň Semeý şäherinde Ahmet Ryza mollanyň medresesinde bilim alýar. Arap we pars dillerini kämil derejede öwrenýär. Ol öz döwründe rus dilini birkemsiz öwrenen sowatly adamlaryň biri bolupdyr. Onuň eserleri diňe 1909-njy ýylda neşir edilip başlanypdyr. Ilkinji kitaby hut şol ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde neşir edilipdir. Meşhur gazak ýazyjysy Muhtar Auezow Abaý Kunanbaýewiň döredijiligini ebedileşdirmek maksady bilen, 1956-njy ýylda «Abaýyň ýoly» atly 2 jiltlik romanyny ýazýar. Bu roman köp dillere terjime edilýär. Romanyň «Abaý» diýlip atlandyrylýan birinji kitaby bolsa, türkmen diline-de geçirilip, okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirildi.
Abaýyň kompozitor, zergär ussasy, magaryfçy bolandygy hakynda-da maglumatlar kän. Bu onuň köptaraply zehine eýe bolan beýik ussatdygyny äşgär edýär.
Paýtagtymyzyň owadan künjeginde alyslardan howalanyp duran Abaý şahyryň heýkeli, söz sungatyna we edebiýatyň altyn gazna deňelýän ebedi eserlerine, gazak halkynyň edebi mirasyna dikilen heýkeldir.
Abaý Kunanbaýew uzak bolmadyk ömründe gazak halkynyň edebiýatynyň, aýdym-saz sungatynyň, syýasy durmuşynyň kämilleşmegine önjeýli goşant goşmaga ýetişen köpugurly zehine we başarnyga eýe bolan ynsanlaryň biridir.
Abaý Kunanbaýew 1904-nji ýylyň 6-njy iýulynda aradan çykýar. Häzirki wagtda onuň özi aramyzda bolmasa-da, kämil eserleri dünýä okyjylarynyň kalbynda ebedi ýaşaýar.
Maýa BALLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler