Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirilen maslahatda «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maslahata gatnaşyjylar akademiýanyň sergisi bilen tanyşyp, ahalteke atlarynyň bezeg şaý-seplerine we amaly-haşam sungatyna bagyşlanan eserleri synladylar. Çäräniň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň aýratyn manysy bar, çünki bu künjek ahalteke atlarynyň gadymy mekany hökmünde ykrar edilýär.
Şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilip, ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku ahalteke bedewleriniň mirasynyň dünýäde ykrar edilendigini belledi. Dabarada çykyş edenler bu üstünlikleriň Gahryman Arkadagyň we Arkadagly Gahryman Serdaryň tagallalarynyň netijesi bolandygyny aýtdylar.
Maslahatyň dowamynda, gatnaşyjylar «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubuna baryp, atşynaslyk bilen baglanyşykly maglumatlar bilen tanyşdylar. Şeýle-de, «Galkynyş» toparynyň milli at üstündäki oýunlary köpçülige ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu waka türkmen atşynaslygynyň taryhynda möhüm orun eýelär.
Seýidaly Serdarow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler