Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrmagy başarýar. Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormat-sarpa, dana şahyryň edebi mirasy we onuň dünýä edebiýatynda tutýan ägirt uly orny çeper wasp edilýär. Şahyr barada ýazylýan goşgularyň her biri ussada hormaty, söýgini beýan edýär. Dana şahyryň umman ýaly çuň, daglar ýaly belent paýhas dünýäsi döredijilik äleminde gaýnap-joşýan adamlaryň ylham çeşmesidir. Magtymgulynyň eserlerini okap, göwni ganatlanmaýan, kalby joşmaýan adam ýok bolsa gerek.
Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, gahrymançylyk we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlary — türkmen halkynyň milli mirasy hasaplanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy özüniň döredijilik älemi bilen her bir ynsanyň göwnüni galkyndyrmagy başarýar. Halkymyzyň akyldar şahyra bolan beýik söýgüsiniň nyşanyna öwrüljek Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy hem ýokarda aýdylanlaryň üstüni ýetirýär Türkmen halky öz durmuş ýolunda elmydama öwüt-nesihatyň, wesýetiň we sargytlaryň ornuny aýratyn hasaplaýar. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, gahrymançylyk we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlary — türkmen halkynyň milli mirasy hasaplanýar.
Şageldi ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler