Obasenagat toplumynyň netijeliligi — azyk bolçulygynyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemeli. Türkmenistanyň bu ugur boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini esasy ugur edinip, bu babatda möhüm orun eýeleýändigine ünsi çekmek zerur. Topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Türkmenistanda obasenagat toplumyna döwlet tarapyndan goldaw bermegiň bitewi ulgamynyň döredilendigini bellemek gerek. Düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna, oba hojalygynyň we oňa hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýurdumyzda obasenagat toplumyny ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalar we enjamlar, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň däne we pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmek işinde-de oňyn tejribe toplandy. Türkmenabatda fosfor dökünleriniň önümçiligi boýunça himiýa kärhanasynyň, “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” zawodlarynyň, “Maryazot” we “Garabogazsulfat” (Garabogazkarbamid), Garlyk kaliý dag-magdan toplumynyň gurulmagy bilen, oba hojalygyny ýokary hilli mineral dökünler we himiýa serişdeleri bilen üpjün etmek üçin ygtybarly binýat döredildi. Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki hem tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özgertmeleriň täze tapgyry amala aşyrylýar. Şunda sebitleriň ilatynyň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen anyk işlere aýratyn orun berilýär.

Oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine, obasenagat toplumyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmelere aýratyn ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň özümizde öndürilen önümleriň içerki bazarlardaky üpjünçiligini we oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirer.

Gurbanmät DURDYMÄDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok