Ýaşlaryň syýasy dünýägaraýşyny giňeltmek üçin olara eýýäm mekdep döwründen okaýan dersleriniň arasynda syýasy düşünjeler bilen baglanyşdyryp sapak geçmek talaba laýyk bolar.
Syýasy terbiýe bermekde esasan Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan kitaplaryndan okuw sapaklarymyzda peýdalanmak biz mugallymlar üçin indi ençeme ýyldyr endige öwrüldi diýsek ýalňyşmarys. Okuwçylaryň syýasy düşünjeliligini has ýokarlandyrmak üçin mekdebimiziň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary yzygiderli terbiýeçilik sagatlaryny, syýasy çäreleri, okuw maslahatlary we duşuşyklary geçirip durýar.
Mekdebimiziň okuwçylarynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar Guramasynyň syýasy-watançylyk temalarda geçirýän çärelerine gatnaşmaklary, teleýaýlymlarda we radiogepleşiklerde syýasy temalarda goýberilýän dürli gepleşiklere tomaşa etmekleri, gazet-žurnallarda çap edilýän syýasy makalalar bilen yzygiderli tanyşmaklary, syýasy temalarda diwar gazetlerini çykarmaklary olaryň syýasy düşünjeliliginiň has-da ýokarlanmagyna getirer.
Mekdebimiziň kitaphanasynda ýörite metbugat burçy döredilip ol ähli gazet-žurnallar bilen üpjün edilendir. Diwar gazetlerini çykarmaga mekdep okuwçylarynyň özlerini çekmek maksady bilen “Ýaş watançy”, “Watan täzelikleri” atly syýasy diwar gazetleriniň bäsleşiginiň guralmagy okuwçylaryň syýasat bilen has ýakyndan gyzyklanmagyna getirer.
Her çärýegiň ahyrynda bäsleşigiň jemi jemlenip öňdebaryjy synplaryň, okuwçylaryň hormat hatylar bilen sylaglanmagy ýaşlaryň syýasy terbiýelenmegine ýardam berýär. Ýaşlar özleriniň geljekde ýurdy dolandyrmaly adamlar boljagyna eýýämden ynanýarlar we her bir işe jogapkärçilikli çemeleşýärler.
Bahargül NAZAROWA,
Darganata etrabyndaky ýöriteleşdirilen
13-nji orta mekdebiň başlangyç
synp mugallymy.
Teswirler