Häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistan ýurdumyzyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän saglygy goraýyş, sport we bilim ulgamynda gazanýan üstünliklerini artdyrmaga, öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlaryna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen täze çemeleşmelere üns çekilýär. Muňa gözel paýtagtymyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara ylmy maslahat hem aýdyň şaýatlyk edýär. Saglygy goraýyş, bilim, sport ulgamlarynyň belli alym-professorlarynyň, ylmy wekilleriň gatnaşmagynda guralan bu iri çäre möhüm orna eýedir.
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda diýarymyzda bu ulgamlara degişli täze desgalaryň birnäçesi açylyp ulanmaga berildi. Bu ajaýyp desgalar geljekde ilatyň saglygyny berkitmekde, bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda uly ähmiýete eýe bolar. Ýaş nesliň saglygyny berkitmekde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem uly işleri alyp barýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen milli saglygy goraýyş ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy, ekologik taýdan arassa ýerli çig mallardan önüm öndürip, geljekde dünýä bazarlarynda hem mynasyp orny eýelejek «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Bu işleriň ählisi döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini aýdyň görkezýär, şeýle-de ýurdumyzyň bu ugurda gazanýan üstünlikleri halkara derejede ykrar etmek bilen, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir.
Bu iri forum öz işini «Iç keseller», «Kardiologiýa we kardiohirurgiýa», «Onkologiýa», «Oftalmologiýa», «Ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek», «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak», «Hirurgiýa keselleri», «Jemgyýetçilik saglygy we epidemiologiýa», «Sanly lukmançylyk», «Genom lukmançylygy», «Adam bedeniniň uýgunlaşmagynyň ekologik-fiziologik meseleleri we pulmonologiýanyň hem-de allergologiýanyň esasy soraglary», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet durnukly ösüşiň möhüm şertidir», «Daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek — bilim syýasatynyň möhüm wezipesi», «Ylym we innowasion tehnologiýalar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak», «Sport ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Halkara ýaryşlara milli ýygyndy toparlaryny ylmy esasda taýýarlamak», «Sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek we fiziki işjeňligi ösdürmek», «Ylmy ösdürmekde ýaş alymlaryň orny» atly bölümçelerde dowam etdi we olarda bu babatdaky meseleleriň giň toplumy boýunça özara pikir alşyldy.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler