Güýz paslynda peýdaly gök önümler we miweler

Güýz pasly iň datly miweleriň ýetişýän paslydyr. Täze hasylyň gök önümleri tomus günleriniň hemmesini özüne siňdirip, sagdyn we tagamly , beden üçin ýokumly witaminleri özünde jemleýär.

Alma – nerw ulgamyny berkidiji we ukyny gowy sazlaýjy miwe hasaplanylýar. Ol diňe bir örän tagamly bolman, eýsem örän peýdalydyr: almalarda dürli witaminler bar. Olaryň düzümindäki C witamini, güýzde çagalar üçin aýratyn möhüm bolan immunitet üçin jogapkärdir. Şeýle hem alma ýitirilen fiziki güýçden soň dikelmek üçin peýdaly – organiki kislotalary özünde jemleýän energiýa çeşmesi. Onuň içindäki fosfor beýniniň işjeňligini güýçlendirýär we nerw ulgamyny sazlaýar. Bu miwä başgaça “işdä witamini” hem diýilýär. Sebäbi ol adaty iýmit siňdiriş we kadaly ösüş üçin zerurdyr.

Şetdaly diňe bir ýakymly tagam bermän, bedeni witaminler bilen üpjün edýän süýji, şireli we reňkli miwedir. Şetdaly ganazlyk we gastritli näsaglar, ýürek-damar işiniň bozulmagy üçin peýdalydyr. Bu miweler sowuklama, witamin ýetmezçiligine we ýokanç kesellere garşy ajaýyp profilaktiki serişdedir. Şetdaly, esasanam, püresi, şireleri, kompotlary we konserwalary ýasamak üçin ulanylyp bilner.

Guradylan erik ol ýürege we aşgazan-içege oňyn täsir edýär we görüşi gowulandyrýar. Guradylan erikleri yzygiderli iýmek, gan damarlarynyň petiklenmek howpuny peseldýär we gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, sagdyn derini, dyrnaklary we saçlary ösdürýär. Guradylan erik gemoglobini köpeldýär we aşgazan-içege kesellerinde peýdalydyr. Guradylan miweler, çişmä garşy gowy serişdedir.

Guradylan injir immuniteti goraýar, içege parazitlerini kowýar. Agyz boşlugynyň çişmegine, üsgülewige kömek edýär.

Reýimbergen ORUNBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok