“GDA+” formatyny döretmek teklip edilýär

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew “GDA+” formatyny döretmek baradaky teklibi bilen çykyş etdi diýip. Bu barada ol Moskwada geçirilen Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň dowamynda habar berdi. Bu kakar Arkalaşygyň sebit gatnaşyklarynyň giňeldilmegine gönükdirilendir.

“GDA-nyň halkara arenadaky abraýy barha ösýär. Geçen ýyl GDA-nyň gözegçi we hyzmatdaş derejeleri döredildi, bu bolsa Guramamyzyň açyklygynyň we ösen derejesiniň şaýady boldy. Bu institusional işiniň dowamy hökmünde “GDA+” formatyny döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşmagy teklip edýärin” – diýip, Tokaýew täze meýdançanyň Arkalaşygyň sebit gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde esas boljakdygyny belledi.

Moskwanyň Uly Kreml köşgünde geçirilen GDA sammitiniň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekilip, olar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary hem-de howpsuzlyk boýunça integrasiýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.

Almagül AMANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok