Paýtagtymyzda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler. Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri 16-njy oktýabrda Adygeýanyň “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň konserti bilen açylar, bu maksatnamada gadymy “Islameý” tansyny, hanjar tansy, horegrafiki kompozisiýalar, halk saz gurallarynda popurri we şuňa meňzeşler bolar. Şol gün W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýi tarapyndan taýýarlanan “Russiýanyň gurnama mozaikasy” sergisi görkeziler.
16-njy we 17-nji oktýabrda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi we beýleki köp sanly rus we halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň solisti, pianinoçy Dmitriý Masleýew iki sany ussatlyk sapagyny geçirer.
17-nji oktýabrda çäreleriň tapgyry Mukamlar köşgünde geçiriljek “Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ýubleýina tarap” atly nusgawy aýdym-saz konserti bilen dowam eder. Halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Dmitriý Masleýew Pýotr Çaýkowskiniň we Sergeý Raçmaninowyň eserlerini ýerine ýetirer.
Şeýle-de hem Adygeýa “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň solistleri tarapyndan ussatlyk sapagy we Pýotr Çaýkowskiniň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanan “Çaýkowskiý planetasy” sergisiniň açylmagy meýilleşdirilýär. Sergi Russiýanyň Milli aýdym-saz muzeýi tarapyndan taýýarlandy.
Sülgün DOLULOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler