Döwrebap ösüşler bilen Watan gülleýär!

Beýik ösüşleriň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň hem-de rowaçlyklaryň ýurdy bolan berkarar Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işleriň ençemesi durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen taryhy menzillere göz aýlanyňda Garaşsyz döwletimiziň üstünliklerini berkitmeklige uly üns berlendigine her birimiz şaýat bolýarys. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giň gerime eýedigi bilen tapawutlanýar. Bu täzeçil özgertmeler döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Munuň özi alnyp barylýan işleriň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyň esasynda rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” we kabul edilen beýleki maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylyp, ýurdumyzyň halkara abraýy barha pugtalanýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ezizi türkmen halkymyzyň maksada okgunly işleri, uly-uly zähmet üstünlikleri bilen ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde ýurdumyzyň abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Ähli pudaklarda zähmet öndürijiliginiň ýokary bolmagy, ykdysady özgertmeleriň işjeň depgini, ylmy-tehnologik ösüşleriň ýokary derejesi, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy önümçiligiň artmagy, ykdysady ösüşleriň öňe ilerlemegi kuwwatly döwletimiziň esasy aýratynlyklarynyň hatarynda jemlenýär. Şol nukdaýnazardan hem, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak her bir raýatymyzyň esasy wezipesi bolup durýar.

Häzirki innowasiýalaryň işjeň özgerýän döwürde Arkadag şäherini ösdürmek, onuň ikinji tapgyryny gurmak bilen bagly işleriniň ýokary derejede alnyp barylmagy, şol sanda bu “akylly” şäherinde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine, senagat-önümçilik desgalarynyň ýokary ekologik talaplara laýyk gelmegine möhüm ähmiýet berilmegi, şäherde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň durmuşa geçirýän işleri muňa şaýatlyk edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan şeýle beýik işler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna, Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ynamly öňe gitmegine gönükdirilendir.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok