Daşary ýurt dillerini öwrenmek – dünýä çykmaga giň ýol açýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesli beýik işlere ruhlandyrýan asylly işleri, döredip berýän giň mümkinçilikleri köňülleri buýsanja besleýär. Röwşen geljegimizi gurmak hem döretmek işine işjeň gatnaşýan türkmen ýaşlary halkara olimpiadalara, ders bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar we ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrýarlar. Mähriban Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, ilhalar mugallym Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň ömür ýollary türkmen ýaşlary üçin watançylygyň ajaýyp nusgasydyr. Bu nusgalyk ýörelge hem görelde ýurdumyzyň ýaşlaryny öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge öz mynasyp goşantlaryny goşmaklaryna ruhlandyrýar. Milli bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara derejä kybap gelýän umumybilim edaralary döredilip, olarda okatmagyň innowasion usullary, häzirki zaman tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze okuw binalar toplumynyň we umumy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy ýokary depginde dowam edýär. Munuň özi bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Ylmyň hem tehnikanyň çalt depginde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge esas döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-jemgyýetçilik şertlerde dilleri birkemsiz öwrenmekligiň möhümdigine üns çekilýär. Çünki diller – dünýä ýol açýan özboluşly derwezedir, köprüdir. Öwrenilýän dilde gürleşmek, ýazmak, kinofilmlere tomaşa etmek, aýdymdyr sazlary diňlemek, gezelençleri guramak dil öwrenmekde örän oňaýly täsir edýär. Daşary ýurt dillerini çuňňur bilýän ussat hem ökde ýaş hünärmenleri taýýarlamak bu ugurdaky geçirilýän okuw sapaklarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmagyny şertlendirýär. Şeýle-de paýtagtymyzda we diýarymyzyň dürli künjeklerinde hereket edýän dil merkezleriniň bitirýän hyzmatlary-da aýratyn bellärliklidir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda daşary ýurt dillerini okatmagy ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, ösen dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrmakda oňyn netijeler gazanylýar. Çünki häzirki döwürde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti barha artyp, dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň barha ilerlemegine ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023—2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy ata ýurdumyzyň ýaşlarynyň buýsançly başyny has-da belende göterdi.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini içgin öwrenmäge ähli şertleri döredip berýändigi üçin çäksiz alkyş aýdýarys!

Madina PARDAÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Roman-german
dilleri we edebiýaty fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok