Arkadag şäherinde VI Wena baly açyldy

10-njy oktýabrda Arkadag şäherinde ýurdumyzyň baý medeni durmuşyna aýratyn öwüşgin çaýan VI Wena baly açyldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Bezegleriň nepisligi we ajaýyplygy, gatnaşyjylaryň lybaslary bilen reňk sazlaşygyny emele getirýän gurşaw hem-de meýdançanyň tutuş giňişligine dolýan nusgawy sazlar Wena balynyň dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzda geçirilýän Wena balyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasyndan ýörite wekiliýet geldi. Onuň düzümine Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň agzalary, meşhur opera aýdymçylarynyň, dirižýorlaryň we tansçylaryň döredijilik topary girdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu ajaýyp medeni çäräni geçirmek başlangyjy hem türkmen halkynyň Milli Liderine degişlidir. Balyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, dabaranyň çykyşlaryna orun berildi.

Aýdym-sazly dabara gatnaşyjylar netijeli medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn döredijilik taslamalaryny durmuşa geçirmäge berýän yzygiderli goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Oguljahan AHMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok