Türkmen talyplaryna Russiýada mugt bilim almaga şert döredilýär

Russiýa Federasiýasy 2025-2026-njy okuw ýyly üçin Türkmenistandan 500 dalaşgäri kabul etmek üçin kwota berip başlady. Bu mümkinçilik rus ýokary okuw mekdeplerinde mugt bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin açyldy.

Maksatnama 7-nji oktýabrda başlanyp, ýurduň bilim we ylym ugurlaryndaky gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda 30 müňe golaý türkmen talyby Russiýada okaýar. Iň meşhur ugurlar bolsa ykdysadyýet, lingwistika, hukuk, bejeriş işi, menejment we programma inženerçiligi ýaly ugurlardyr.

Şeýle-de, iki ýurduň bilelikde rus-türkmen uniwersitetini döretmek barada gepleşikleriň dowam edýändigi habar berilýär

Eziz Baratow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok