Kent döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy dabaraly bellenildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatynda Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi.

2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ogaýo ştatyndaky Kent döwlet uniwersitetinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejede bellenip geçildi. Oňa ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly häzirki wagtda ABŞ-da iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky  ýurdumyzyň wekilçiligindäki topary, ABŞ-nyň ýaşaýjylary we ol ýerde okaýan  türkmen talyp ýaşlary hem-de şol ýerde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresiniň açylyşy Kent döwlet uniwersitetiniň global bilimi boýunça wise-prezidenti Marçello Fantoni we Ýewraziýa boýunça srategiýa müdiri Aýýa Hudaýbergenowa dabaraly çykyşy bilen utgaşdy.

 Bu geçirilen baýramçylyk çäresinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary aýdym-saz we folklor we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda “Kanzas-Siti” aýdym-saz akademiýasyny dörediji we baş direktory Maýýa Tüýliýewa bolsa pianinoda çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bu baýramçylyk çäresinde ABŞ-nyň “Boba we Uolta Wika” Poeziýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Dewid Hassler we Magtymgulyşynas mugallym Durdy Ilmämmedow çykyş etdiler.

Bulardan başga-da, ABŞ-daky Türkmenistanyň ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew we başgalar Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi we nusgawy filosofiki goşgylarynyň asyl many-mazmuny barada giňişleýin aýdyp berdiler.

 Bu çäre «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen «Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda açmak mümkinçiligini öwrenmek» wezipesini durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky  ýurdumyzyň wekilçiligindäki toparynyň ABŞ-daky abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk etmek boýunça iş saparynyň çäklerinde girnaldy.

Şeýle okamaga, işlemäge we döerdijilik bilen meşgullanmaga berýan mümkinçilikleri üçin Gahryman Akadaga we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Akadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, mundan beýläk hem alyp barýan işleri rowaçlyga beslensin!

Amanmyrat Arazow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň

Ylym bölüminiň başlygy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok