Türkmenistanly mekdep okuwçylaryň üstünligi

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň dört okuwçysy Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen «World Invention Competition And Exhibition (WICE)» atly VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde we sergisinde ajaýyp netijeleri görkezdiler.

Üstünlikli çykyş etmekleriniň netijesinde, bäsleşikde 11-nji synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew «Novalorep web sahypasy» atly taslama işi bilen ýörite sylaga we altyn medala eýe boldy. 12-nji synp okuwçysy Oguzhan Mergenow «Atmasfera gözegçilikli ammary», 11-nji synp okuwçysy Rahmanberdi Ödemyradow «E-ulag web sahypasy» we 10-njy synp okuwçysy Aýhan Arslanow «E-rent web sahypasy» atly taslama işleri bilen kümüş medallara mynasyp boldular.

Umuman, taslamalaryň abraýly halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň dördüsi bilen birlikde, dünýäniň 15 ýurdundan zehinli okuwçylaryň 126-sy bäsleşdiler. Şeýle hem bäsleşige Indoneziýadan, Meksikadan, Malaýziýadan, Gazagystandan, ABŞ-dan, Günorta Afrikadan, Günorta Koreýadan, Türkiýeden, Hindistandan, BAE-den, Belarusdan, Taýlanddan, Bangladeşden, Wýetnamdan hem-de beýleki ýurtlardan toparlar gatnaşdylar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan zehinli mekdep okuwçylary üçin akyl-paýhas bäsleşigine gatnaşmak halkara derejesinde öz zehiniňi we ukyp-başarnyklaryňy giňden görkezmäge, täze bilimleri we peýdaly tejribeleri ele almaga, şeýle hem umumy bähbitler we maksatlar birleşdirýän dostlary hem-de pikirdeşleri tapmaga ajaýyp mümkinçilik boldy.

Bahar BAÝRAMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok