Emeli aňyň kömegi bilen gadymy ýadygärlikler tapylýar

Alymlar çölde ýiten gadymy ýadygärlikleri tapmakda täze çemeleşmäni, emeli aň tehnologiýasyny işläp düzdi. Bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlygy, ýadygärlikleriň ýerleşýän ýerini kesgitlemekde giň mümkinçilikleri döredýär. Gözlegçiler, bu emeli aň programma üpjünçiliginiň satelitden alynýan suratlar bilen işleýändigini aýtdylar. Emeli hemra suratlary ýerüsti gözlegleriň çäklendirmelerini aşmaga kömek edýär we suratlar üç ölçegli formatda gaýtadan işlenilýär.

Adaty gözlegler çölde çäge tupanlary we beýleki tebigy päsgelçilikler sebäpli kynçylyk çekýän bolsa-da, bu tehnologiýa has takyk we çalt çözgüt hödürleýär. Taslamanyň ýolbaşçysy Diana Frensisiň bellemegine görä, “Biz ylmy gözleglerimizi has takyk gönükdirmek üçin täze ýol tapmaly bolduk.” Şu maksat bilen, alymlar gadymy Saruk Al-Hadid sebitiniň maglumatlary bilen maşyn öwreniş algoritmini taýýarladylar.

Bu täze tehnologiýa, 50 santimetr derejesinde takyk üç ölçegli model döretmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa arheologlara gadymy ýerleriň anyk ýerini kesgitlemekde uly goldaw berýär. Bu arheologiýada şeýle tehnologiýanyň ilkinji gezek ulanylmagydyr. Algoritm eýýäm möhüm arheologiki tapyndylary saklap biljek täze sebitleri görkezdi.

Mähriban Kömekowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok