Halkara Maliýe Instituty (IIF) global karz mukdarynyň ýylyň birinji ýarymynda takmynan 2,1 trillion dollar artyp, 312 trillion dollara ýetendigini mälim etdi.
Degişli döwürde global bergileriň köpelmegi geçen ýylyň birinji ýarymynda hasaba alnan 8,4 trillion dollar ösüşden ep-esli pes boldy. Global karz mukdary geçen ýylyň degişli döwründe 302,4 trillion dollar diýlip hasaplandy.
Global karzlaryň köpelmegi Hytaýda we ABŞ-da karz almak bilen baglanyşykly hasaplanýar. Hindistan, Russiýa we Şwesiýa hem global karzy artdyrmakda täsirli boldy. Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde we Ýaponiýada karzyň umumy mukdary ep-esli azaldy.
Ösen ykdysadyýetli ýurtlaryň umumy karzy ýylyň ikinji çärýegine çenli 210,5 trillion dollar hasaplanylsa-da, ösüp barýan bazarlarda bergi 101,3 trillion dollar boldy.
Global berginiň paýlanyşyna seredilende, ýerli karzlar 59,6 trillion dollar, maliýe däl kompaniýalara degişli bergiler 89,6 trillion dollar, döwlet karzlary 91,7 trillion dollar, banklar ýaly maliýe kompaniýalaryň karzlary 70,9 trillion dollara çenli ýokarlandy.
Mariýa AMANGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler