Aýyň ýüzünde suw alamatlary tapyldy

Soňky wagtlar, Aýyň üstündäki gözleglerde täze tapyndylar ýüze çykyp başlady. Örän gurak gurluşy bolan Aýyň üstündäki soňky gözlegler suw alamatlarynyň bolup biljekdigini ýüze çykardy.

“Planetary Science” institutynyň alymlary bu mesele boýunça soňky netijelere baha berdiler we şeýle diýdiler: “Suw – aşa çuň kölegeli kraterlerde tapylyp bilner. Aýda suwuň tapylmagy kosmonawtlaryň geljekde Aýyň ekwatoryna golaý sebitlerine gonup biljekdigini aňladýar.”

Ozal geçirilen gözlegler suwuň köp mukdarda kraterlerde gizlenendigini ýüze çykardy. Bu çuň kraterlerde günüň ýagtylygyna we yssysyna duçar bolmaýandygy sebäpli, galyň buz gatlaklary bolup biler.

Şeýle-de bolsa, golaýda alymlar topary tarapyndan geçirilen täze gözlegler, suwuň we gidroksiliň (kisloroddan we wodorod atomyndan ybarat molekulanyň) aýyň üstündäki gaýalaryň we topragyň mineral gurluşynda ýerleşýändigini görkezýär.

NASA-nyň “Chandrayaan-1” kosmiki gämisinde Aý mineralogiýasynyň maglumatlaryny gözden geçiren alymlar, Aýyň ähli giňişliklerinde suw yzlaryny tapdylar. Esasanam Aýyň üstündäki meteor çaknyşyklarynyň suwa baý gaýalary ýüze çykarandygy ýüze çykaryldy.

Sona AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok