Türki dünýäsiniň 9-njy dokumental kino Festiwalyna Türkmenistan hem gatnaşar. Gatnaşmaga isleg bildiren ýurtlaryň arasynda Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Demirgazyk Kipriň Türkiýe respublikasy, Wengriýa we Demirgazyk Makedoniýa bar.
Hödürlenen 300 işiň arasynda 147 film, ýagny deň ýarysy, emin agzalaryň deslapky garamagyna ugradyldy. Festiwalyň guramaçylary bolup Türki dünýäsiniň žurnalistler federasiýasy çykyş edip, olara Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Türki dünýäsiniň häkimiýet geňeşi, Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş boýunça Türk agentligi hem-de Daşary ýurtda türkleriň we Türkiýede olara ýakyn bileleşikleriň işleri boýunça Müdiriýeti goldaw berdi.
Festiwalyň dabaraly açylyşy Türkiýeniň paýtagty Ankara şäherinde TÜRKSOÝ-yň ştab-kwartirasynda geçiriler we dürli ugurlar boýunça baýraklaryň gowşurylmagyny öz içine alar.
On sany film “doly metražly dokumental filmi”, “gyzga metražly dokumental filmi” hem-de “talyp dokumental filmi” ugurlar boýunça sylaglanylar.
Ýeňijileri dokumental filmleriň režissýorlaryndan we türki dünýäsiniň alymlaryndan ybarat bolan eminler topary kesgitlär. Dabaraly çäre we sylaglamak dabarasy 11-nji oktýabra meýilleşdirilýär. Festiwal 15-nji noýabrda ýapylyş dabarasy hem-de jemleýji netijeleriň yglan edilmegi bilen tamamlanar.
Aýbölek HAÝDAROWA,
Aman Kekilow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler