Poçta kepderileri taryhda aragatnaşyk maksatly ulanylýan kepderileriň aýratyn görnüşidir. Nawigasiýa ukyplary we uzak aralyklara syýahat etmek ukyby sebäpli poçta kepderileri müňlerçe ýyl bäri hatlary, möhüm maglumatlary we gyssagly habarlary uzak aralyga ýetirmek üçin ulanylypdyr. Kepderileriň bu üýtgeşik ukyby, öýlerini ýada salmak we uzaklykdaky ýerlere gaýdyp gelmek ukybyndan gelip çykýar.
Poçta kepderileriň peýda bolmagy gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Esasanam Gadymy Müsür, Pars we Rim imperiýalarynda kepderiler uruş wagtynda aragatnaşyk ýa-da söwda ýollarynda aragatnaşyk üçin möhüm gural bolupdyr. Rim imperiýasynda kepderileriň ulanylmagy esasanam goşun aragatnaşygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Mundan başga-da, Olimpiýa oýunlarynyň netijelerini uzak ýerlere habar bermek üçin Gadymy Gresiýada kepderiler ulanylypdyr.
Orta asyrlarda we soňraky döwürde kepderiler harby maksatlar üçin has giňden ulanylypdyr. Esasanam XIX we XX asyrlarda kepderiler uruş döwründe möhüm rol oýnapdyrlar. Birinji jahan urşy döwründe kepderileriň harby aragatnaşykda uly üstünlik bilen ulanylandygy mälimdir. Poçta kepderileri taryhda adam ömrüni halas etmekde möhüm maglumatlary uzak aralyga tiz ýetirmekde hem uly işleri bitiripdir. Bu bolsa olaryň gymmatyny has-da ýokarlandyrypdyr.
Poçta kepderileri belli bir ugurda uçmagy öwrenýärler. Adatça, kepderiler maglumaty bir nokatdan beýlekisine äkitmän, diňe bir tarapa uçup bilýärler. Kepderiler öýlerine gaýdyp barmagy öwrenenlerinde, adatça habarlaryny belli bir uzaklykdan öz höwürtgelerine iberýärler. Bu usul kepderileriň “öýe” gaýdyp bilmek ukyby sebäpli örän täsirli ulgama öwrüldi.
Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösmegi bilen kepderileriň ulanylyşy ep-esli azalsa-da, olar henizem käbir sebitlerde we höwesjeň jemgyýetler tarapyndan nostalgiýa ýa-da ýaryş maksatly ulanylýar. Poçta kepderileri haýwanlaryň nawigasiýa ukyplary barada gözleglerde alymlar tarapyndan hem öwrenilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, kepderiler adamzat taryhynda iň gadymy we iň täsirli aragatnaşyk serişdesi hökmünde bellidir. Dogabitdi nawigasiýa ukyplary olara harby we raýat durmuşynda möhüm rol oýnamaga mümkinçilik berdi we häzirem özboluşly ukyplary bilen haýran galdyrmagyny dowam etdirýärler.
Ogulmaral SÜLEÝMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler