Oba hojalyk pudagynda emeli aňyň orny

Emeli intellektual tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly oba hojalygynda önümçiligiň ýokarlandyrylmagy hem-de ýaramly iýmitleriň öndürilmegi göz öňünde tutulan. Häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan täzeçil tehnologiýalardan oba hojalygy pudagynda hem giňden peýdalanylýar. Tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy oba hojalygy pudagynyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuna täsir etdi. Oba hojalygynyň dünýä bazaryndaky paýy azalsa-da, önümçiligiň köpelmegi bilen ol köp ýurtlaryň möhüm eksport ugry bolup durýar. Tehnologiýalaryň ulanylmagy oba hojalygynda adam zähmetini azaltsa-da, önümçiligiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrdy.

Oba hojalygyndaky umumy söwda dolanyşygy 1,5 trillion ABŞ dollaryna barabar bolup, köp ýurtlaryň esasy eksport ugry bolup durýar. Şonuň ýaly-da, oba hojalygy önümleri köp adamyň durmuş üpjünçiliginiň esasy çeşmesini emele getirýär. Oba hojalygy önümçiliginde Hytaý, ABŞ, Russiýa, Braziliýa, Argentina we Türkiýe ýaly ýurtlar tapawutlanýar. Şeýle-hem, ösüp gelýän ýurtlar bu ugurda tehnologiýalaryň, netijeliligiň, bilimiň ýokarlandyrylmagy arkaly önümçilik derejesini artdyrmaga synanyşýarlar.

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, 2050-nji ýylda dünýäde azyk zerurlygy 70% ýokarlanar. Barha artýan zerurlygy kanagatlandyrmak üçin akylly oba hojalygy hökmünde tanalýan emeli intellektual tehnologiýalar oba hojalygynda has güýçli depginde ulanylyp başlandy.

Emeli intellektual tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly oba hojalygynda önümçiligiň ýokarlandyrylmagy hem-de ýaramly iýmitleriň öndürilmegi meýilleşdirilýär. Sanly oba hojalygy ulgamy ekiş, suwaryş, kesellere we howa şertlerine gözegçilik etmek ýaly ugurlarda peýdaly bolup biljek oba hojalygy tehnologiýalaryny ulanmaga mümkinçilik berýär. Awtonom robotlar we dronlar, datçikler hem-de zatlaryň interneti bu tehnologiýanyň düzüm bölekleridir.

Bahar ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok