«Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň mümkinçilikleri, oba hojalykçy alymlaryň üstünliklerini aýdyň şöhlelendirmek, eksport ugurly ýokary hilli önümleriň önümçiligi ulgamynda ýola goýlan mümkinçilikleri has-da artdyrmakda möhüm ädim bolan «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Geçirilen forumyň çäklerinde türkmen seçgiçi alymlarynyň irginsiz zähmetiniň miwesi bolan, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän bugdaý tohumlarynyň nusgalaryny, bu ugurda ýetilen sepgitleri giňişleýin açyp görkezýän sergi hem gurnaldy.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalygynyň ylmy esasda ösdürilmegi, pudakda zähmet çekýän hünärmenleriň yhlasly zähmet çekmegi, ekinleriň ýokary hasylly, täze sortlarynyň döredilip, önümçilige giňden ornaşdyrylmagy bilen buýsançly zähmet ýeňişlerine ýetilýär. Şol gazanylýan her bir zähmet ýeňşiniň aňyrsynda bolsa edermen daýhanlarymyzyň we bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň, oba zähmetkeşleriniň ýadawsyz hem yhlasly zähmeti bar. Merdana ata-babalarymyzyň baý ekerançylyk tejribesi, öňdebaryjy tehnologiýalar, häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar we ygtybarly azyk bolçulygy üpjün edilýär.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hem oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde tohumçylyk pudagynda uly üstünliklere eýe bolunýandygyna, bu ugurda ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär. Ylmy-barlag institutlarynyň we önümçilik merkezleriniň wekilleriniň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň toprak-howa aýratynlyklary ulgamlaýyn işläp taýýarlamalaryň zerurdygyny, tohumçylykda täzeçillikleriň ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şunlukda, türkmen oba hojalykçylary güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini döretmekde, ýokary hasylly gowaça tohumlarynyň seçgiçiliginde uly üstünlikleri gazandylar.

Oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň netijesinde bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda tohumçylyk işi galla önümçiligini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk ylmynda hyzmatdaşlygy giňeltmek wajyp ugurlaryň biridir. Bu geçirilen halkara ylmy maslahatyň hem-de serginiň oba hojalyk pudagynda, seleksiýada we tohumçylykda gazanylan üstünlikleri giňden wagyz etmek, daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly meýdança bolandygyna berk ynanýarys.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok