Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahaty watandaşlarymyzyň agzybirliginiň, jemgyýetiň jebisliginiň has-da berkidilmegine uly goşant goşýar. Muňa biz onuň ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, berkarar döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işlerinde, her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlislerinde il-ýurt bähbitli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginde juda aýdyň göz ýetirýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütleri we olaryň maksadyny halk köpçüligine ýetirmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň aýratyn ähmiýeti bar. Çünki ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen sepgitleri giňişleýin düşündirmek syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň baş maksadydyr. Edara-kärhanalarda, ýokary okuw mekdeplerinde birnäçe wagyz-nesihat ähmiýetli duşuşyklaryň, maslahatlaryň geçirilmegi we ýaşlara mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň gymmatyny düşündirmek boýunça işler ýörite meýilnamalar esasynda alnyp barylýar.
Hawa, geňeş etmek — türkmeniň asylly, ýörgünli däbi. Türkmen aga «Geňeşli toý uzak gider» diýýär. Halkymyzda bir maşgala toý tutmakçy bolanda hem, hökman öňünden geňeşmek, maslahatlaşmak däbiniň berjaý edilmegi onuň neneňsi ýörgünlidigini, türkmen jemgyýetiniň durmuşyna çuňňur ornaşandygyny görkezýär. Parasatly pederlerimiziň «Geňeşene giň dünýä», «Geňeşli il — döwletli il», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen nesihat-pentlerine uýýan dana halkymyz bu günki gün eserleri pähim-paýhas ummanyna deňelýän beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda hem uly geňeşe jem bolup, onuň arzuwlan berkarar türkmen döwletiniň binýadyny has-da berkitmek barada maslahat edýär. Döwletli maslahat oň bolsun!
Agamyrat DÖWLETOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Gospital hirurgiýasy
kafedrasynyň assistenti.
Teswirler