Türkmen halky baýramlaryň seresi bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna batly gadamlar bilen öňe barýar. Ajaýyp üstünliklere hem-de ösüşlere beslenen diýarymyz bu gün Hormatly Prezidentimiziň rowaç alýan tutumlary esasynda pajarlap gül açýar. Toý-baýramlaryň mekanyna öwrülen ýurdumyzyň raýatlary uly şatlyk duýgulary bilen beýik Garaşsyzlygyň 33 ýyllyk şanly toýun toýlaýar.
Türkmen halky bu günki gün Garaşsyzlygymyzyň beýik geljegini baýdak edinip, batly gadamlar bilen işleýär, gurýar, döredýär. Bu gün ýurdumyzyň her bir raýatynyň şeýle beýik buýsanç bilen öz Watanynyň ykdysadyýetine, ylmyna, medeniýetine, bilim-terbiýesine goşant goşmagy uly üstünliklere ýetmäge hem-de amatly şertlerde ýaşamaga mümkinçilik döredýär.
Dünýäniň ösen döwletleri bilen egin deňläp, ýaş nesliň ylym-bilim almaklary üçin näderejede ýokary şertleriň döredilýändigini ýönekeý dil bilen düşündirmek mümkin däl. Nesilleriň bagtyýar ösmegi, kemala gelmegi, sagdyn bolmagy, şadyýan dynç almagy, döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy üçin hemme mümkinçilikleriň bardygy bu gün her bir türkmenistanly gözi bilen görüp, ýüregi bilen syzýar.
Bagtyýar halkymyzy rowaç ertirlere ataran berkarar Watanymyzyň şan-şöhratyny arşa göteren hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler örän guwandyryjydyr. Bu ulgamda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýy uly dabara bilen toýlanýan häzirki buýsançly pursatlarda biziň has-da ruhumyzy göterýär. Şu şatlykly günlerde ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda milli ylmymyzyň ösüş derejesine baglydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler barada näçe diýseň buýsançly gürrüň etmek mümkin. Şol ösüşleriň hemmesiniň diňe halkymyzyň ýokary derejede ýaşamagy baradaky belent maslahatlardan ugur alýandygyny ýene bir gezek nygtamak ýakymlydyr. Gülleýän diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýle buýsançly zamanada döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna agzybirlik, bitewilik bilen döredijilikli, zähmet çekip, hormatly Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr”.
Türkmeni ak ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn! Türkmeniň Garaşsyz döwleti baky bolsun! Goý, Garaşsyzlygyň gudratly gadamlary hemişe öňe bolsun!
Gülbahar ANNAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmen döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň, Iç keselleriniň
propedewtikasy kafedrasynyň assistenti.
Teswirler