Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, il-halkymyzyň abadan durmuşynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär, döwlet ähmiýetli möhüm wakalar giň gerime eýe bolýar. Paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmenistanyň Ykdysadyýet toplumynda ýurt Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet – durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalaryň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapdy.
Häzirki wagtda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak bilen bagly işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar, durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, sanly ykdysadyýetiň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Ähli pudaklaryň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady berkidilip, edara-kärhanalaryň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn esasda geçmegi üpjün edildi. Häzirki sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde tejribeli bilermenleri işe çekmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Alnyp barylýan «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň çäklerinde ekoinnowasiýalary işläp taýýarlamak, ekologik taýdan arassa ulag ulgamyna geçmek, ylmy-tehniki kuwwatyň artdyrylmagy bilen ekologik abadançylygy üpjün etmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermek gazanylýar. Howanyň arassalygyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli sebitlerimizde gurulýan zawod-fabrikleriň, beýleki maksatly desgalaryň ekologik talaplara laýyk gelmegini gazanmak «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek işinde möhüm ädimdir. Şeýle-de ýaşaýyş-durmuş maksatly ulanylýan önümleriň galyndylaryny dolandyrmak, ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, oba hojalygyny durnukly ösdürmek, energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak ýaly anyk ugurlar ösdürilýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen binýat bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasy we daşky gurşawa zyýanyň iň pes derejesini üpjün etmekdäki çemeleşmesi durmuşa geçirildi. Elbetde, munuň özi ýurdumyzda sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek, ösüşiň ylma we innowasiýa esaslanýan täze hil derejesine çykmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň rowaç alýandygyna doly güwä geçýär.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler