Taryhyň dowamynda şokolad tagamy we saglyga peýdasy bilen ünsi özüne çekip geldi. Esasanam, gara şokoladyň saglyga oňyn täsirleri ylmy gözlegler bilen goldanýar.
- Antioksidant aýratynlyklary:
Gara şokolad flawonoidler diýilýän güýçli antioksidantlara baýdyr. Bu birleşmeler bedendäki erkin radikallary zyýansyzlandyryp, öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Antioksidantlar ýürek keseli we düwnük keseliniň käbir görnüşleri ýaly dowamly keselleriň howpuny azaltmakda möhüm rol oýnaýar. - Ýürek saglygy
Geçirilen gözlegler şokoladyň yzygiderli sarp edilmeginiň ýürek saglygyny gowlaýandygyny görkezýär. Gara şokolad gan basyşyny peseltmäge, damar saglygyny gowulaşdyrmaga we gan aýlanyşyny ýokarlandyrmaga kömek edýär. Flawonoidler gan damarlarynyň daralmagyna kömek edýär, ýürek agyry we insult howpuny azaldýar. - Beýnä täsiri
Şokolad beýniniň işleýşini gowulaşdyryp biljek köp maddany öz içine alýar. Kofein we teobromin ýaly maddalar akyl hüşgärligini ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, şokolad sarp etmek, keýpiňi ýokarlandyrmak arkaly stres derejesini azaltmaga kömek edýär. Endorfinleriň we serotoniniň bölünip çykmagyny artdyryp, şatlyk duýgusyny berýär. - Deriniň saglygy
Gara şokolad deriniň saglygy üçin hem peýdalydyr. Antioksidant häsiýetleri sebäpli deri öýjüklerini erkin radikallardan goraýar we garramagyň alamatlaryny gijikdirýär. Mundan başga-da, şokoladdaky käbir maddalar deridäki çyglylyk deňagramlylygyny saklamak arkaly has sagdyn görünmäge kömek edýär.
Selim NAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler