«Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet» bilen bagly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň Ykdysadyýet toplumynda geçirilen «Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti» atly ylmy-amaly maslahatda sanly ykdysadyýetiň we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşandy nygtaldy. Bu maslahata ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, maliýe düzümleriniň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde sanly we “ýaşyl” ykdysadyýetiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdiler. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy önümçilikde netijeliligi ýokarlandyrmaga we harajatlary azaltmaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, sanly ykdysadyýetiň döredýän mümkinçilikleri bazaryň talaplaryna çalt uýgunlaşmaga ýardam edýär.

Maslahatda şeýle hem milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda energiýa tygşytlaýjy we ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagynyň wajyplygy nygtaldy. Bu işler ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup, «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak we ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini ösdürmek boýunça giň möçberli çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň ösüş ýolunda sanly ykdysadyýetiň we “ýaşyl” başlangyçlaryň utgaşdyrylmagynyň zerurdygy barada çykyşlar edildi. Şeýle-de, Arkadag şäheriniň “akylly” şäher konsepsiýasynyň bu ugurda üstünlikli mysal bolup durýandygy nygtaldy. Şäheriň gurluşygynda sanly tehnologiýalar we ekologiýa taýdan howpsuzlyk ähli tapgyrlarda üpjün edildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Maslahat, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň anyk mysallaryny we milli ykdysady ösüşiň täze tapgyrlaryna geçilmeginiň giň ugurlaryny görkezdi.

Eneş Baýramdurdyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok