Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin oňyn şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şu jähetden, 20-nji sentýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň we seýilgähiň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi möhüm ähmiýetli wakadyr.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli täze binalary we desgalary ulanmaga bermek asylly däbe öwrülip, Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň, durmuşyň ähli ugurlarynda «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijeliliginiň aýdyň güwäsi bolup durýar. Paýtagtymyzyň «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan bina edilen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Asyrlaryň dowamynda bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem milli däp-dessurlarymyz ruhy-medeni köklerine, gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolan türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegini düzýär. Täze ýaşaýyş jaýlaryna göçüp gelen maşgalalar we açylyş dabarasyna gatnaşyjylar halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän ägirt uly aladalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Allaguly ALLABERENOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler