Bulary bilýärdiňizmi?

Biz gündelik durmuşymyzda banklar bilen iş salyşýarys. Banka töleg geçirenimizde ýa-da bankyň üsti bilen beýleki tölegleri amala aşyranymyzda “Kwitansiýamyzdaky” birnäçe sandan ybarat bolan kodlaryň her biriniň bir manyny aňladýandygyny bilýärdiňizmi? Töleg tabşyrygynda görkezilýän satyjynyň we alyjynyň hyzmat edýän banklara berilýän kodlardaky sanlary şu aşakdakylary aňladýar.

  • Başky üç san (1,2,3): 390 – Türkmenistanyň döwlet belgisi;
  • Ortaky üç san (4,5,6): Bankyň ýerleşýän sebitini aňladýar: 101 – Aşgabat şäherinde, 201 – Ahal welaýatynda; 601 -Balkan welaýatynda; 701 – Mary welaýatynda; 801 – Lebap welaýatynda; 901 – Daşoguz welaýatynda.
  • Soňky üç sanyň birinjisi (koduň tertip boýunça 7-nji sany) bankyň haýsy täjirçilik bankyna degişlidigini aňladýar:
  • 1 – Merkezi bank;
  • 2 – Türkmenistanyň daşary ykdysady iş banky;
  • 3 – “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky;
  • 4 – “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky;
  • 5 – “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banky;
  • 6 – “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky;
  • 7 – Gaýry banklar. Olara türkmen-türk bilelikdäki täjirçilik banky, ”Sadaret” Eýran banky, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, “Senagat” paýdarlar täjirçilik banky degişlidir.
  • Bankyň kodunyň soňky 2 sany bolsa bankyň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramasynda hasaba alnyş tertip belgisini aňladýar.

Salgyt kodlarynyň sanlary bolsa şu alamatlary aňladýar:

Başky san üçin salgyt töleýji müşderiniň ýerleşýän ýerini: 101-salgyt töleýjiniň Aşgabat şäherinde ýerleşýändigini aňladýar.

  • 202-210-çenli sanlar salgyt töleýjileriň Ahal welaýatynda degişlilikde etraplarynda ýerleşýändigini görkezýär.
  • 301-310-a çenli sanlar salgyt töleýjiniň Balkan welaýatynda ýerleşýändigini aňladýar.
  • 401-410-a çenli sanlar salgyt töleýjiniň Daşoguz welaýatynda ýerleşýändigini aňladýar.
  • 501-510-a çenli sanlar salgyt töleýjiniň Lebap welaýatynda ýerleşýändigini aňladýar.
  • 601-610-a çenli sanlar salgyt töleýjiniň Mary welaýatynda ýerleşýändigini aňladýar.
  • 4, 5, 6 – sanlar salgyt töleýjiniň eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigini aňladýar. Ýagny, 111-161 belgili sanlar salgyt töleýjiniň Döwlet eýeçiligindäki kärhanalardygyny;
  • 211-221-hususy eýeçilikdäki kärhanalary, 122-belgili sanlar ýuridiki tarap bolmadyk telekeçileri, 311-jemgyýetçilik guramalary (Kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar, dini guramalaryny), 701-721-731- paýdarlar jemgyýetlerini aňladýar.
  • 7, 8, 9, 10, 11, 12 – salgyt töleýjiniň hasaba alnyş belgisini aňladýar.

Nuriýa HEMRAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok