Güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi – netijeli zähmetiň beýany

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar döwrümizde ähli ugurlarda oňyn ösüşlere eýe bolunýar. Döwrebap tehnologiýalary, oba hojalyk ylmynyň soňky gazananlaryny içgin ornaşdyrmak, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen ýer-suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagy, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy babatda anyk çäreler görülýär. Oba hojalyk ulgamynda ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň ýokary hilini gazanmak üçin türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan degişli işler yzygiderli alnyp barylýar we bu ugurda giň halkara hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga uly orun berilýär. Şeýle-de oba hojalyk önümçiligine ekinleriň, şol sanda güýzlük bugdaýyň täze görnüşlerini giňden ornaşdyrmak meselelerine, tohumçylykda gazanylanlara, bugdaýyň täze görnüşleriniň tohumçylygyny ylmy esasda alyp barjak ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertleriň döredilmegine bagyşlanan duşuşyklar, maslahatlar hem sergiler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök we bakja önümleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça meýilnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini hemişe nygtaýar. Munuň özi ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmaklyga itergi berýär.

Ählimiziň şaýat bolýan möhüm wakalarymyz watandaşlarymyzyň köňlünde döwre buýsanç duýgusyny paýlaýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek boýunça berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň, pudagy ösdürmegiň ylmyň ýokary gazananlaryna, tehnologiýalara daýanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Döredilen bu täze tohumlaryň birinji görnüşi “Serdar”, ikinji görnüşi “Arkadag”, üçünji görnüşi bolsa “Pyragy” diýlip atlandyryldy. Bu şatlykly hem buýsandyryjy waka “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýene-de bir ýatdan çykmajak taryhy wakasy bolup kalplara ornady.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok