Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hususan hem häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, daşary ýurt dillerini çuňňur bilýän ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek wezipeleridir. Üstünlikli alnyp barylýan şeýle giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegi bu ugurlaryň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyna giň ýol açýar, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, öz mümkinçiliklerini doly açyp görkezmekleri üçin yzygiderli çäreler görülýär. Halkynyň taryhyny bilýän, ýurdunyň gazanýan üstünliklerine buýsanýan hakyky watansöýüji nesli kemala getirmek ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň doly peýdalanylmagyny üpjün edip biler. Mundan başga-da, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmak, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny kämilleşdirmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Diýarymyzyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda okuw maslahatlaryny, okuw-usulyýet sapaklaryny, umumy okuwlary we beýleki çäreleri bilelikde guramak hem asylly däbe öwrüldi. Ähli sebitlerde gurulýan bilim merkezleriniň häzirki zaman binalarynda döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw-multimedia tehnologiýalar doly üpjün edilýär. Milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine goşulyşmagy hünärmenleri taýýarlamak üçin täze ugurlary we wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünär başarnygyna ukyply hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şerti hökmünde daşary ýurt dillerini öwrenmek meselesine aýratyn üns berilýär. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepler hereket edýär. Şeýle hem ýaşlarymyz dünýä dillerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Häzirki wagtda özbaşdak dil öwrenmek üçin döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda iňlis dilini öwretmegiň döwrebap usullaryny okuw işine ornaşdyrmakda önjeýli işler alnyp barlyp, daşary ýurt dilini öwretmekde interaktiw usul, ýagny söhbetdeşlik, gepleşik, labyzly okamak, gürrüň bermek arkaly sapak geçmeklik oňyn netijeleri berýär. Şonuň ýaly-da, öwrenýän hünär diliňde edebi eser okamak, metbugatyň dilini özleşdirmek we beýlekiler uly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlarynda gazanylýan öňe gidişlikler, täze-täze ylmy açyşlar daşary ýurt dillerinde çap edilýär. Şol nukdaýnazardan hem ylmy-jemgyýetçilik şertlerde dilleri birkemsiz öwrenmek möhümdir. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmakda, innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen halkara gatnaşyklarynyň barha ösýän, sanly bilim ulgamyna, sanly ykdysadyýete geçilýän döwründe has hem aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesiller üçin okamaga, döretmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge ähli şertleri döredip berýändigi-de aýratyn buýsandyryjydyr. Munuň özi bolsa türkmen ýaşlarynyň mähriban halkymyzyň medeniýetini, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini älem-jahana ýaýmaklaryna giň ýol açýar. Şeýle bagtyýar hem asuda döwrümizde abadan durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, kämil bilim almaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Gözel ERKINOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň Rus, gündogar
dilleri we edebiýaty fakultetiniň Pars dili we
edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler