Daşary işler ministrligi we ýurdumyzyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, döwletimiziň raýatlygyna kabul edilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 1 müň 146 adamyň Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Raýatlyk almak üçin hödürlenilýän adamlar 29 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlaryna ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi baradaky şahsy ýüztutmalary hasaba alnan 134 adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berilmegi boýunça degişli işler geçirildi. Olar 6 döwletiň raýatlary we 15 milletiň wekilleridir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, şeýle hem ýurdumyzda ýaşamak üçin ygtyýarnamalarynyň berilmegi bilen bagly resminamalaryň taslamasy hödürlenildi.
Pasportlary we degişli resminamalary gowşurmak dabarasyny ýakyn günlerde Döwlet migrasiýa gullugynyň binasynda Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýermek bilen, ýurdumyzda bu ugurda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi we 1 müň 146 adamy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana hem-de 134 adama Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama bermek hakynda Karara gol çekdi.
Teswirler