GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara geňeşiniň mejlisi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagynda azyk howpsuzlygyny mundan beýläk-de berkitmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýakynda gözel paýtagtymyzda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Russiýa Federasiýasynyň, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Täjigistan, ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar. Bu iri forumda oba hojalygynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda Arkalaşyga agza ýurtlarda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçiliginiň, ekinleriň görnüşleriniň synagdan geçirilişiniň, tohumçylygyň, şitilhanalaryň ýagdaýy, üzümiň we miweli agaçlaryň nahallary bilen üpjün etmek babatda seçgiçiligiň eýeleýän orny barada maglumatlaryň ençemesi diňlenildi. Arkalaşygyň çäklerinde ýokary hilli we gibrid tohumlar, miweli ekinleriň, üzümiň nahallary bilen üpjün etmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada hem nygtaldy. Munuň özi agza ýurtlaryň obasenagat toplumynyň durnukly ösdürilmegine oňyn ýardam edýär.

GDA ýurtlarynda güýzlük bugdaýyň, gowaçanyň, ýeralmanyň seçgiçiligi we tohumçylygy boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary, kesellere hem zyýankeşlere garşy göreşmek meseleleri, şeýle-de Arkalaşyga agza ýurtlarda gök-bakja ekinleriniň tohumçylyk birleşigini döretmek baradaky hasabat hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda oba hojalygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen GDA-da tohumçylygy dolandyrmak boýunça maglumat-seljeriş ulgamynyň döredilmegine uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barha netijeli häsiýete eýe bolmak bilen, ýurdumyz tohumlary synag etmek boýunça bilelikdäki işleri utgaşdyrmak, döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek-getirmek ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmeklik üns merkezinde saklanylýar. Geçirilen mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda oba hojalyk önümleriniň sergisi hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Gurnalan sergide oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri, orta süýümli we aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň naýbaşy görnüşleriniň nusgalary, köpýyllyk milli seçgiçilik işleriniň netijesi ýerleşdirilipdir. Umuman, alnyp barylýan şeýle möhüm ähmiýetli çärelerdir asylly işler oba hojalyk pudagyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly itergi berýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok