Her ýylyň 27-nji sentýabry Garaşsyzlyk güni hökmünde bellenilýär. Bu gün türkmen halkynyň asyrlar boýy eden arzuwlary hasyl boldy. Ýurt Garaşsyzlyk ýyllary içinde taryh üçin gysga wagtyň dowamynda uly derejelere ýetdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz uly ösüşlere eýe boldy we ösüşler häzirki güne çenli dowam edýär. Syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlaryň ähli ugurlarynda gazanylýan ýokary sepgitler türkmen döwletiniň taryhynda buýsançly sahypalary ýazýar.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzuwly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar. Ýurdumyzyň ähliumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen lukmançylyk, energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden dowam edýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda işlenilip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi. “Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek” atly milli strategiýanyň Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy ukybyny ýokarlandyrmak boýunça Milli maksatnamanyň, Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň işi has-da kämilleşdirildi.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler, dünýäde ykrar edilen beýik işler sanardan köp. Şular hakynda oýlanylanda Gahryman Arkadagymyzyň: “Watany mertler beýgeldýärler” diýen parasatly pähimi hakydaňda janlanýar.
Garaşsyzlyk – belent ykbaldyr, ýurdumyza berlen ýokary derejedir! Bu gün bolsa türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Baş baýramyňyz – döwletlilik toýuňyz gutly bolsun!
Baýram JUMAÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň
Epidemiologiýa kafedrasynyň
öwreniji mugallymy.
Teswirler