Ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her birimiziň borjumyz

Her ýylda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 1-30-y aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen bir aýlyk geçirilýär. Bu bir aýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler ýurt abadançylygyny saklamaga ýurdumyzda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga gönükdirilendir. Bu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel diýarymyzyň aýna ýaly ýollary döwrebap durmuşymyzy has-da gözelleşdirýär. Gadymy Oguz türkmenleriniň guran kerwen ýollary bu gün gara ýola, demir ýola, hat-da howa ýollaryna hem öwrüldi.

Ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Eýsem-de bolsa, bu işiň güýçlendirilmeginiň edaralarda, ýurduň bilim edaralarynda tomus dynç alyş möwsüminden soňra güýzüň ilkinji günlerine düşýändigi tötänden däldir. Hut şu döwürde ýol howpsuzlygy çärelerini işjeňleşdirmegi tomus dynç alyş möwsüminden soň pyýadalaryň ünsüni ýol hereketiniň howpsuzlygy kadalaryna güýçlendirmegi gazanmakdan ybaratdyr.

Bu biraýlygyň dowamynda ýurdumyzyň her bir künjeginde guramaçylykly we özboluşly täsirli çäreleriň, maslahatlaryň geçirilmegi bilen ýol hereketiniň düzgünleri, pyýada we sürüjiniň wezipeleri barada nygtalyp geçilmegi ösüp gelýän ýaşlar üçin edilýän tagallalaryň biridir. Sebäbi, asudalygyň, abadançylygyň mekany bolan ata Watanymyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar.

Reýimbergen ORUNBAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok