Türkmen arçasy – Juniperus turcomanica

Beýikligi 10-15 metre ýetýän, ýaýbaň şahaly agaç bolup, beýleki arça görnüşlerinden diňe daglyk sebitlerde ösýänligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Köpetdag, Köýtendag, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, deňiz derejesinden 800-2800 m beýiklikde ýabany ýagdaýda ösýär. Ýapragy uşak, iňňe şekilli tikenli, uzynlygy 6-8 mm, 3 sany ýaprajyk bolup birigen. Tohumy iýmiş şekilli gozajykda ýerleşýär. Gozajyk gaty, şar şekilli, gara-gök reňkli, gysgajyk sapakda oturýar. Türkmen arçasy örän haýal ösýär we 600 ýyla çenli ýaşaýar. Agajy jaý we suw hojalyk gurluşygynda ulanylýar. Daglyk ýerlerdäki agaç tokaýlary ýagyş we gar suwlarynyň ýeriň üstündäki akymyny haýalladýar we olaryň topraga endigan siňmegine ýardam edýär, topragy we suwy goramak wezipesini ýerine ýetirýär. Fitonsidleri güýçli bölüp çykarýar. Öz düzüminde köp sanly himiki birleşmeleri saklaýanlygy sebäpli türkmen arçasy lukmançylykda köp sanly derman serişdelerini taýýarlamakda, kosmetika serişdeleri taýýarlamakda we mundan başga-da senagatda dürli görnüşli önümleri almakda giňden ulanylýar. Gür owadan şahalary bolup, bezeg agaçlaryň hataryna girýär. Türkmen arçasy seýilgählerde ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar. Häzirki wagta Türkmen arçasy Köpetdagyň eteginde Gahryman Arkadagymyzyň 2000 gektar meýdanda döreden arça tokaýlygyna özboluşly bezeg berýär we endemik görnüş hökmünde onuň genefondyny köpeltmek we tebigy arealyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Ogulbahar ARTYKMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok