Pyrtykal miwesi we onuň peýdasy

Güýz – gyş möwsümlerinde bazarlarda diňe bir ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän, ýylda bol hasyly alynýan alma, limon, nar, injir, hurma däl-de eýsem, pyrtykal, mandarin we beýleki enaýy sitrus miweleri hem peýda bolýar. Olar üýtgeşik tagamy, hoşboý yssy, saglyga oňyn täsiri bilen tapawutlanýar.

Pyrtykal – iň köp ýaýran we has köp ulanylýan bu miwe askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä-de ol ýürek-damar keselleriniň, şol sanda gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň, durnukly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel), bagyr, dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhizli iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak önüm bolup durýar. Keýpiňi ýokarlandyrmakda, şähdiňi açmak üçin her gün irden täze sykylyp alnan pyrtykal şiresiniň bir stakanyny içmek peýdalydyr. Düzümindäki turşulary zyýansyzlandyrmak ( neýtrallaşdyrmak ) üçin şiräni içmezden öň deň mukdardaky suw bilen garmak möhümdir. Iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde turşy miweleri şol sanda pyrtykaly we onuň şiresini ulanmak maslahat berilmeýär.

Nigara ALIJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok