Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, ähli ugurlarda uly ösüşlere, özgerişlere ýetilýär. Obadyr şäherlerde gurlup ulanylmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary, döwrebap ulag ýollary halkymyzyň eşretli, asuda durmuşda ýaşamagy üçin edilýän taýsyz aladalaryň beýany bolýar.
Şu günler Arkadagly Diýarymyzda ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk toýunyň dabaralary uludan tutulýar. Bagtyýar halkymyz gözel Diýarymyzyň beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär we gurýar, Garaşsyzlygyň peşgeş beren egsilmez bagtyna buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlarymyzy agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde toýlaýar.
Mähriban Halkymyz « Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy » diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly baýramçylygyny ykdysadyýetde we medeniýetde, ruhy-jemgyýetçilik durmuşynda, ylymda, bilimde, gurluşykda saglygy goraýyşda gazanan uly üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen uludan belleýär.
Garaşsyzlyk bu bereketli toprakda el-ele berip, agzybir ýaşaýan halkymyzyň durmuşynda iňňän möhüm ähmiýetli syýasy wakadyr. Döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, ýurdumyz ilkinji nobatda içeri we daşary syýasatyny hem-de döwletliligiň milli ýörelgelerini özbaşdak işläp düzmäge, ynamly ösdürmäge, demokratik, hukuk we dünýewi döwletini we raýat jemgyýetini esaslandyrmaga doly hukuk gazandy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ykdysady, medeni we ýaşaýyş-durmuş taýdan sazlaşykly ösüşler gazanylyp, şäherlerimiziň, obalarymyzyň durky täzelenip, dünýä derejesine kybap gelýän binalar halkymyza hyzmat edýär.
Ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde-de öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda-da belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar.
Berkarar Diýarymyz geçen sanlyja ýylyň içinde döwrebap orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany has-da artdyryldy. Elbetde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň örän çalt depginlerdäki sazlaşykly ösüşleri ähli türkmenistanlylary döredijilikli zähmete, döwrüň ägirt uly işlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza sowgat eden türkmeniň geçmişini, şu gününi we geljegini bir bitewülikde beýan edýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eserindäki: «XXI asyryň gözbaşynda kuwwatly döwleti bina edip, biz halkymyzyň abraýyny hasda belende galdyrýandygymyza, geljege bolan pugta ynamy kemala getirýändigimize ynanýarys» diýen parasatly jümleleri ýurdumyzy ösdürme giň geljegi nazarlaýan ylmy taglymatydyr. Alym Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän her bir işi ata babalarymyzyň müňýyllyklardan gelýän döwlet dolandyrmak, goňşy döwletler bilen gatnaşyk saklamak we başgada bize miras galdyran däp-dessurlaryny häzirki zaman, döwrebaplaşan, kämilleşen görnüşde dowam etmekden ybaratdyr.
Goý şeýle ägirt uly işleriň sakasynda durýan Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumlary elmydama rowaç alsyn. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli külli türkmen halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Sona ARAZGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýer gurluşygy we kadastry
hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
Teswirler