Arçalar – tebigatymyza aýratyn gözellik paýlaýar

Wirgin arçasy – Juniperus virginiana. Boýy 20-30 metre ýetýän, sütüniniň göwrümi 1 metr bolan elmydama ýaşyl öwüsýän agaç. Ýapraklary çalt ösýän pudaklarynda iňňeşekilli, gögümtil – ýaşyl reňkde bolýar. Wirgin arçasy owadan bezeg agaç. Onuň owadan piramida şekilli gabarasynda gögümtil – gara reňkli miwe şekilli gozalary ony has hem owadan görkezýär. Gozalary 5-8 mm. ululykda bolup, bir ýylda ýetişýär. Tohumlary we çybyklary arkaly köpeldilýär. Bezeg-bagçylykda giňden ulanylýar.

Gündogar biotasy – Biota orientalis. Gündogar biotasy 100-150 ýyla çenli ýaşaýan, beýikligi 10 m. çenli ýetýän gyrymsy agaç. Pürleri ýaşyl reňkli. Gozalary uzynlygy 1,5-2,5 sm çenli bolýar. Bişmedik gozalary gögümtil, bişenden soňra gara reňkli bolýar. Gündogar biotasy gyrkmaga amatly bezeg ösümligi höküminde birnäçe ýurtlarda ulanylýar. Olardan janly haýatjyklary döretmek, toparlaýyn, ýekelikde oturtmak üçin ulanylýar. Tohumlary, käbir görnüşleri bolsa çybyklary bilen köpeldilýär.

Arizon serwisi – Cupressus arizonica. Beýikligi 15 m çenli ýetýän agaç. Arizon serwisiniñ ýapraklary ýogyn, gögümtil-ýaşyl reňkli, böleklere bölünen. Gozalary togalak 3 mm çenli, ýetişen wagty gögümtil. Tohumlary bilen köpelýär. Ýylylyk söýüji ösümlik. Şäher şertlerine, tozana we gaza çydamly. Alleýalary döretmek üçin, ýekelikde we toparlaýyn oturtmak üçin ulanylýar.

Gunça ÝEGENDURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok