Milli däp –dessurlarymyz, ýol ýörelgelerimiz ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem-de nepis sungatymyz bagtyýarlyk döwrümizde hem öz ähmiýetini ýitirmän hem döwrebap hem gadymy utgaşdyrylyp dowam etdirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly türkmeniň keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy.
Keşdeçilik sungaty, döredilýän keşdeler bu diňe bir çeper elleriň eseri däl ol zenan kalbynyň döredijiligidir. Halk döredijiligindäki lälelerde, monjugatdylarda bolşy galy zenanlarymyzyň döreden el işlerinde hem çuňňur manyly hyýal arzuwlar ýatandyr. Zenan kalbynyň gözelligi näzikligi onuň eli degen her bir zadyna geçýär, şöhlelenýär. Halk arasynda “Edil keşde çeken ýaly” diýen deňeşdirme sözi bar. Türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessuryny özünde şöhlelendirip bilýän keşdelerimiz ene-mamalarymyzdan birnäçe asyrlaryň dowamynda sünnälenip biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gyzlarymyza dakylýan iň ýörgünli atlaryň Çeper ady bolmagy täze doglan bäbejigiň çeper elli bolmagyny arzuw edilip dakylmagyna şaýatlyk edýär.
Biz keşdeçilik sungatyny halk döredijiligi diýsek ýalňyşmarys. Ony döredijiler bolsa nurana mährem türkmen zenanlarymyzdyr. Zenan kalbynyň töründen döreýän türkmen el işleri bu günki günde milli lybaslarymyzyň görküne görk goşýar. Iňňäniň ujunda döreýän bu täsin sungat türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanşyklydyr.
Dilfuza GELDIMURADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.
Teswirler