Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edilýär. Amala aşyrylýan özgertmeler halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilýär. Ulaglara erk edýän raýatlarymyzyň sanynyň artmagy bolsa, ýaşaýyş şertlerimiziň barha gowulanýandygyndan aýdyň nyşandyr. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollarynyň gurulmagy, pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň, ýolbelgileriniň, ýolyşyklaryň, awtoduralgalaryň gurulmagy halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy ugrunda edilýän aladalardan nyşandyr.
Her bir ynsanyň öz saglygyny goramakda ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek uly ähmiýete eýedir. ,,Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy “ atly biraýlygyň ýylda geçirilmegi, köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi diňe bir sürüjidir şol ugurda işleýänlere degişli bolman, eýsem, tutuş jemgyýet üçin ähmiýetlidir. Ynsan saglygynyň goraglylygy, ätiýaçly bolmagy ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek bilen şertlendirilýär. Şeýle çäreler ýollarymyzyň abadan, adamlaryň ýol hereketiniň düzgünlerine has içgin düşünmeklerine ýardam edýär.
Howpsuz hereketi üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin sürüjiler bilen pyýadalaryň hereketiniň sazlaşykly bolmagy hökmandyr. Munyň üçin bolsa, her bir pyýada ýolagçy howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmelidir. Olardan ýanýodadan ýöränlerinde, çatryklardan, ýollardan geçenlerinde ünsli bolmalydyrlar.
Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny doly we dogry berjaý etmek ýollarymyzyň asuda, durmuşymyzyň abadan, ömrümiziň rahat we dowamly bolmagynyň baş şertidir.
Kümüş MUHUTDINOWA,
Aşgabat şaherindäki 82-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Teswirler