Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisi 2 ýylda gurlar

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagynda ýene-de bir aýgytly ädim ädildi: Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişildi. Taslamany iki ýylda amal edip, işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Türkmen-owgan serhedinden Hyrat welaýatynda ýerleşýän gazy kabul ediji desga çenli 153 kilometre uzap gitjek gaz geçirijiniň kuwwaty ýylda 33 milliard kub metre barabar bolar.

Gurluşyk işlerinde 250 — 300 adamyň zähmet çekjekdigi onuň iş bilen üpjünçilige täsirini-de görkezýär.

Gaz geçirijiniň ugrunda 2 sany gazy ölçeýji desga bolup, olaryň biri ýurdumyzyň çäginde, ikinjisi bolsa Hyrat welaýatynda guruljak gazy kabul ediji desgada ýerleşdiriler.

“TAPI Pipeline Company Limited” paýdarlar kompaniýasy bolsa mawy ýangyjy türkmen-owgan serhedinden Hyratda ýerleşýän gazy kabul ediji desga çenli akdyrmak hyzmatyny ýerine ýetirer.

Gaz geçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçýän 214 kilometrlik böleginiň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Doly işe girizilenden soňra, ol her ýylda Owganystana, Pakistana we Hindistana türkmen tebigy gazynyň 33 milliard kub metrini ibermäge şert döreder. Umumy uzynlygy 1,821 kilometr bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň owgan bölegi 816 kilometr aralygy öz içine alyp, ýurduň Hyrat, Farah, Nimroz, Gilmend, Kandagar welaýatlarynyň çäginden geçer.

Sähragül ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok