Aşgabat şäherinde Ýaşlar maslahatynyň jemleýji konferensiýasy geçdi

Şu gün 2024-nji ýylyň 16-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatynyň öňsyrasynda (COY19) we BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 29-nji mejlisiniň (COY29) öňüsyrasynda jemleýji Ýaşlar maslahaty geçirildi.

Ondan öň, Ýaşlar maslahaty ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçirildi, ýagny 3-nji sentýabrda Daşoguz welaýatynda, 6-nji sentýabr Balkan welaýatynda, 9-nji sentýabr Mary welaýatynda, 11-nji sentýabr Lebap welaýatynda, 13-nji sentýabr Büzmeýin etrabynda we jemleýji tapgyr şu gün Aşgabat şäheri boldy.

Maslahat Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy, şeýle-de Azerbaýjan respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Türkmenistandaky ilçihanalary, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde gurnaldy.

Maslahata ýokary okuw jaýynyň talyplary, şol sanda konferensiýalaryň welaýat tapgyrlarynda öz başarnyklaryny görkezen, Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçileri, eko-aktiwistler, şeýle hem BMG-niň wekilhanasynyn guramalarynyň wekilleri; Azerbeýjan Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçilerini; Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiň (GIZ) wekilini, Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistanda ýaşyl ösüş boýunça maksatnamasynyň müdirini, Türkmenistanyň Daşary işler, bilim we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Olar ýaşlar bilen bilelikde häzirki daşky gurşaw meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň gatnaşmagyny göz öňünde tutmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.
Açylyş dabarasyndan soňra, maslahata gatnaşyjylar tematiki iş toparlara bölündiler. Toparlarda açylan temalaryň içine

Howanyň üýtgemegine garşy göreşde innowasion tehnologiýalaryň orny, howanyň üýtgemegi hasaba alyp tebigy baýlyklaryň durnukly ulanylyşy, howanyň hili we azon gatnagynyň goragy,
oba-hojalyk pudagynda suw baýlyklarynyň durnukly ulanylşy,
Howanyň üýtgemegine garşy göreşde ylym-bilimiň tutýan ornyny öz içine aldy.

Tematiki iş toparyndan soňra, ekspertlar we durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen bilelikde duşuşygyň maksatlaryny we garaşylýan netijelerini düşündirdiler. Her iş topary maksatlaryna esaslanyp öz tekliplerini taýýarladylar, we maslahatyň jemleýji bölüminde her iş toparyň ýolbaşçylary tekliplerini hödürlediler. Bu teklipler, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşdäki goşandyny güýçlendirmeklige gönükdirilen geljekki başlangyçlar üçin esas döreder.

Baýnazar Muhammedow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok