Garaşsyzlyk – buýsanjymyz, bagtymyz

Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.

Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Bu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!

Baş baýramymyz – şanly toýumyz gutly bolsun! Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlar toýlara ulaşsyn!

Maýsa PALTABAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok