Dünýä türkmenleriň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

14-nji sentýabrda Aşgabatda daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň hem-de ýurdumyzyň ähli sebitleriniň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi hem-de DTYB-nyň işiniň geljekki ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň dowamynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar barada wekiliýet agzalaryna giňişleýin maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlaryň 14-sinde, hususan-da, Russiýa Federasiýasynda, Beýik Britaniýada, Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Şwesiýada, Ukrainada, Owganystanda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Saud Arabystany Patyşalygynda, Pakistan Yslam Respublikasynda, Türkiýede, Özbegistanda, Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär. Germaniýadan, Owganystandan, BAE-den, Türkiýeden gelen wekiller DTYB-nyň daşary ýurt bölümleriniň işi barada gürrüň berdiler. Çykyşlarda ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giňden tanalýan abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekde, ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde uly ähmiýeti boljakdygy bellenildi. Soňra birleşigiň agzalaryny Hormat hatlary bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. DTYB-nyň XXV maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Akmaral TOMANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok