Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynda düýpli özgertmeler üstünlikli amal edilýär, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek babatynda möhüm ähmiýetli çäreler görülýär. Oba hojalyk önümçiligini ýerleşdirmegi ýöriteleşdirmek, fitomelioratiw işleri geçirmek, ýokary hasylly ekinleri ösdürip ýetişdirmek, öri meýdan dolanyşygyny girizmek, daşky gurşawa aýawly çemeleşmekde täzeçil ugurlary ornaşdyrmak ýaly derwaýys meseleler üstünlikli çözülýär. Döwlet derejesinde berilýän ünsüň netijesinde biodürlüligi gorap saklamak, olaryň görnüş düzümini artdyrmak işleri-de badalga alýar. Bu ugurda ýurdumyzda hereket edýän goraghanalara möhüm orun degişli bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň düzümindäki wajyp üýtgeşmeleri giňişleýin beýan edýän Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşiri çap edildi, bu gymmatly ylmy işi ýazmaga ýurdumyzyň belli alymlary, botanikleri, zoologlary, ylmy hünärmenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň bu neşiri uly göwrümli we köp ýyllyk iş bolup, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň ýagdaýy barada has takyk, uzak möhletleýin gözegçilik we häzirki zaman gözleg usullarynyň ulanylandygyny aýratyn bellemelidiris. Gyzyl kitabyň täze neşirinde täze goralýan tebigy ýerleri döretmek, görnüşleriň ýagdaýyna gözegçilik etmek, ilatyň, aýratyn-da ýaş nesilleriň arasynda düşündiriş işlerini geçirmek ýaly ösümlikleriň seýrek duşýan görnüşlerini gorap saklamak boýunça anyk teklipler, gorag çäreleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde köpelmegi dikeldilen ösümlikleriň 18 görnüşi sanawdan aýrylyp, ozal ýitip gitme howpy ýok hasaplanylan ösümlikleriň 20-den gowrak görnüşi girizilipdir.
Klimatyň üýtgemegi, topragyň zaýalanmagy, oba hojalyk ýerleriniň giňelmegi we suw serişdelerinden rejeli peýdalanylmazlygy ösümlik dünýäsine abanýan esasy howplaryň arasynda durýar. Aýratyn goralýan tebigy ýerler, özboluşly ekoulgamlar, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň her bir görnüşi daşymyzy gurşap alýan janly tebigatyň aýrylmaz bölegidir.
Tebigaty goramakda maddy-tehniki binýady mundan beýläk hem berkitmek, ýaş nesliň ekologiýa sowatlylygyny has-da ýokarlandyrmak, tebigy serişdeleriň ýagdaýyny gowulandyrmak, daşky gurşawy goramak çärelerini yzygiderli durmuşa geçirmek, tebigaty goramak işine her bir ynsanyň gatnaşmagyny gazanyp, ekoulgamlary has netijeli goramak tutuş dünýä ýüzünde durnukly ösüşe uly ýardam eder.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler