Berkarar Watanymyzda Türkmenistan ýurdumyzyň abadançylygyny, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işleri, halkara başlangyçlary bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Halkara derejesindäki ynsanperwer gatnaşyklaryň berkemegini, halkyň bagtyýarlygyny kepillendirmäge mümkinçilik beren mukaddes Garaşsyzlygymyz bu gün dünýäniň belent münberlerinden älem-jahana ýaň salýar.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýen iňňän many-mazmunly sözleri bu mukaddesligiň gadyr-gymmatyna düşünmäge doly esas döredýär. Çünki ata Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde, dostana gatnaşyklarynda jemlenýär. Garaşsyzlyk ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan ýurdumyz Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny belent ruhda garşylaýar. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däplerimizi dikeltmäge giň mümkinçilik açdy.
Beýik-beýik ösüşlere beslenen Garaşsyzlyk ýyllarynda eziz ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitlere ýetdi, häzirki döwletimiziň wagtda ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar, durmuş ulgamyny ösdürmäge, geljekki gülläp ösüşi üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual mümkinçilikler döredilýär, durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyrylyp, bilim, medeni, ylmy we sport maksatly desgalaryň giň toplumy açylýar.
Garaşsyzlyk – ata Watanymyzyň berkararlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlykdyr, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, gazanýan ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýadydyr. Merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyryp, döwletimiziň güýç-kuwwatyny has-da pugtalandyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň goýnunda rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan berkarar Watanymyza mundan beýläk-de ösüşler ýar bolsun!
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler